Sepleriň elýeterliligi

Demirgazyk Owganystandaky dartgynlygyň Merkezi Aziýadaky aladalary


Nangarhar welaýatynda bir barlag nokady

Nangarhar welaýatynda bir barlag nokady

Owganystanyň Merkezi Aziýa bilen serhetleşýän sebitlerindäki howpsuzlyk ýagdaýlary eýýäm esli wagtdan bäri dartgynly bolmagyna galýar. Gürrüňi gidýän regiondaky ýowuzlylyk soňky günleriň dowamynda bolsa has-da ýaramazlaşdy.

Çaknyşyklar, şaýollaryň petiklenmegi, adam gaçakçylygy, sosial desgalara hüjüm edilmegi ýaly ýagdaýlar ‘adaty’ bir zada öwrüldi.

Türkmenistan bilen serhetleşýän owgan obalarynda bolsa, ýagdaýlaryň hasam erbetdigi aýdylýar. Ýagny şol obalaryň uly bir bölegi ep-esli wagtdan bäri söweşijileriň kontrollygynda galýar.

Munuň üstesine Owganystanyň demirgazygynda köp sanly merkezi aziýaly jeňçileriň hem mesgen tutandygy aýdylýar.

Ýokarky agzap geçen ýagdaýlarymyz Owganystanyň wise-prezidenti, general Dostumyň sebiti jeňçilerden arassalamak ugrundaky tagallalaryna; şeýle-de güýçli ýurtlaryň wekilleriniň ýzygiderli Merkezi Aziýa sapar edip, owgan serhedindäki howpsuzlyk ýagdaýlaryny gozgap başlan pursadyna gabat gelýär.

Meselem, iýun aýynyň ikinji hepdesinde Orsýetiň goranmak ministry Sergeý Şoýgu Türkmenistanda bolup, Moskwanyň Merkezi Aziýa bilen owgan serhedindäki ýagdaýlara biparh galmajakdygyny aýtdy.

“Mejlisiň” bu sanynda demirgazyk Owganystanda dörän soňky ýagdaýlar we onuň Merkezi Aziýa ýetirip biljek täsirleri barada gürrüň edilýär.

“Mejlisiň” bu günki myhmanlary:

Muhammad Omar Safi :- Owganystanyň demirgazygyndaky Gunduz welaýatynyň ozalky häkimi;

Obid Ali: Owganystanyň Kabuldaky Analizler ulgamy merkeziniň ýurduň demirgazyk sebitleri boýunça derňewçisi;

Bruce Pannier: Azat Ýewropa we Azatlyk Radiosynyň Merkezi Aziýa sebiti baradaky “Kişlog owazy” blogunyň redaktory.

Programmany Azatlyk Radiosynyň müdiri Muhammad Tahir alyp barýar.

Gepleşigi diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG