Sepleriň elýeterliligi

Putin: ABŞ-nyň Ýewropadaky raketa goragy - "uly howp"


Wladimir Putin

Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin ABŞ-nyň gündogar Ýewropadaky raketa goragyny «uly howp» diýip atlandyrdy we Moskwanyň muňa öz raketa atmak ukybyny güýçlendirmek bilen jogap berjekdigini aýtdy.

NATO bu gorag sistemasynyň Eýrandan atylmagy mümkin raketanyň öňüni almagy maksat edinýändigini nygtasa-da, Putin onuň aňsatlyk bilen Orsýete garşy ulanyljak hüjüm sistemasyna öwrülip biljekdigini ýanjaýar.

17-nji iýunda, Sankt Peterburgda, halkara habar serişdeleriniň ýolbaşçylarynyň ýygnagynda çykyş edip, "rumyniýalylar ol ýerde näme bolýanyny bilmezler, hiç kim bilmez. Nerumyniýalylar, ne polýaklar. Men munuň nähili edilýänini bilýärin” diýip, Putin aýtdy.

"Meniň pikirimçe, bu hakykatdanam howply» diýip, Putin Orsýetiň oňa garşy çäre görmeli boljakdygyny, emma beýden ýagdaýynda Moskwanyň agressiwlikde aýyplanjagyny hem öňünden bilýändigini aýtdy.

"Biz, Ýewropada strategiki deňagramlylygy saklamak üçin, özümiziň raketa atyş ukybymyzy kämilleşdireris» diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

XS
SM
MD
LG