Sepleriň elýeterliligi

Belgiýada 'hüjüm planlaşdyran' 12 şübheli tutuldy


Belgiýanyň howpsuzlyk güýçleri

Belgiýanyň howpsuzlyk güýçleri

Belgiýanyň howpsuzlyk güýçleri öten agşam geçirilen öý dökmelerden soň täze terror hüjümlerini planlaşdyrmakda aýyplanan 12 adamy tussag etdi.

Belgiýanyň prokuratura edarasy 18-nji iýunda 40 adamyň sorag üçin saklanyp, olaryň 12-siniň tussag edilendigini aýtdy.

Ýewropa ýurtlarynyň köpüsi, goňşy Fransiýada geçirilýän «Ýewro - 2016» futbol çempionaty sebäpli ýokary hüşgärlik ýagdaýynda durýar.

Belgiýa polisiýasynyň VTM neşiri tussag edilenleriň käbiriniň şu hepde ahyrynda Brýusselde hüjüm guramagy planlaşdyrmakda güman edilýändigini aýtdy.

Martda yslamçy janyndan geçen bombaçylar Belgiýanyň paýtagtyndaky aeroportda we iki metro stansiýasynda 32 adamy öldürdiler.

Bu radikal yslamçylar Parižde noýabrda 130 adamy öldürenlerinden soň boldy.

XS
SM
MD
LG