Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Pakistanly aýal özüne öýlenmedik erkege kislota sepdi


Pakistan. Norin, kislota hüjüminiň pidasy
Pakistan. Norin, kislota hüjüminiň pidasy

Pakistanly aýal, aýdylmagyna görä, öýlenmekden ýüz öwren erkegiň ýüzüne kislota sependigi üçin tussag edildi diýip, resmiler aýdýarlar.

Panjap polisiýasy tussag edilen Momil Maýyň dört çagaly, nikaly aýal bolup, başga birine öýlenen Saddakat Aly bilen aragatnaşyk saklandygyny aýdýar.

Maý Alynyň özüni ikinji aýal edip almagyny talap edipdir diýip, resmiler 17-nji iýunda aýtdylar.

Pakistanda erkekleriň köp aýal almagyna kanun rugsady berilýär, emma aýallar gaýtadan durmuşa çykmak üçin ilki öňki adamsyndan aýrylmaly.

Kislota hüjümi 15-nji iýunda edilipdir. Multandaky hassahana resmileri Alynyň bedeniniň 60 prosent çemesiniň ýanandygyny aýdýarlar.

Pakistanda her ýyl şahsy haklaşyk üçin ýüzlerçe adam kislota hüjümine sezewar bolýar. Ýöne pidalar köplenç aýal adamlardan ybarat.

XS
SM
MD
LG