Sepleriň elýeterliligi

Pakistan: Dawaly serhet geçelgesi gaýtadan açyldy


Pakistan, Torham ýoly, 16-njy iýun, 2016

Pakistan, Torham ýoly, 16-njy iýun, 2016

Owgan-pakistan serhediniň dawaly geçelgesi, howpsuzlyk güýçleriniň arasyndaky ganly çaknyşyklardan birnäçe gün soň, gaýtadan açyldy.

Owganystan we Pakistan 18-nji iýunda bu geçelgäniň, Kabul we Yslamabat häkimiýetleriniň arasynda gelnen ylalaşykdan soň, işläp başlandygyny aýtdy.

"Geçelgäni gaýtadan açmak üçin merkezi we regional derejede gepleşikler geçirildi" diýip, Owganystanyň Nangarhar welaýatynyň gubernatorynyň sözçüsi Attaulla Kogýani aýtdy.

Azyndan bäş adamy öldüren, ýigrimiden gowrak adamy ýaralan söweş 12-nji iýunda, Torham derwezesinde, Pakistanyň dawaly geçelgede täze päsgelçilik desgasyny gurmak planlary sebäpliturdy.

Owganystan bu desganyň owgan territoriýasynda gurulýandygyny aýtdy, Pakistan resmileri muny ret etdi.

XS
SM
MD
LG