Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

AI Gazagystany adam gynama ýol bermekde tankytlaýar


Gazak türmesi
Gazak türmesi

«Amnesty International» Gazagystanyň kanun goraýjy guramalarynyň we türme häkimiýetleriniň agzalarynyň adam gynamalarynyň we beýleki ýowuz daramalarynyň «umuman barlanman we jezalandyrylman» galýandygyny aýdýar.

Düýbi Londonda ýerleşýän guramanyň BMG-niň Adam hukuklary komitetine tabşyran we 17-nji iýunda jemgyýetçilige aýan edilen dokumentinde derňewçileriň adam gynandygy we beýleki ýowuz darama faktlary barada aýdylýanlaryň, polisiýanyň we prokuraturanyň bähbitleri nukdaý nazardan, "pida ýalan sözleýär" diýlip, köplenç ret edilýändigi bellenilýär.

Dokumentde gynalan adamlaryň işleri işleri bilen meşgullanýan aklawçylaryň päsgelçilige, gorkuzmalara sezewar bolýandygy aýdylýar.

Şeýle-de bu dokumentde, metbugatda tankydy pikirleri sem etmek üçin, söz azatlygyna hem howpsuzlyk meseleleri sebäpli basyş görkezilýändigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG