Sepleriň elýeterliligi

YD-a goşulan 3 gyrgyz tutuldy


Batken sebiti

Batken sebiti

Gyrgyz howpsuzlyk ofiserleri Siriýada «Yslam döwleti» toparynyň söweşijileriniň hatarynda söweşen diýilýän üç erkegi tussag etdi.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk komiteti 17-nji iýunda güman edilýänleriň 10-njy iýunda, Täjigistan we Özbegistan bilen serhetdäki Batken sebitinde ele salnandygyny aýtdy.

Aýdylmagyna görä, güman edilýänler Siriýadan şu ýylyň başynda, gyrgyz topragynda terror hüjümlerini gurnamak niýeti bilen dolanyp gelipdir.

Derňewçiler güman edilýänleriň jaýlaryndan hüjüm tüpeňlerini,ok, granat we ekstremist neşirlerini tapdylar.

Gyrgyzhäkimiýetleri Siriýada we Yrakda YD-a goşulan gyrgyz raýatlarynyň 500-den gowrakdygyny aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG