Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Grandi: owgan bosgunlary unudyldy


 Filippo Grandi
Filippo Grandi

BMG-niň bosgunlar edarasynyň başlygy halkara jemgyýetçiligi owganlary geçen ýyl Ýewropa köp möçberde gelip başlamazlaryndan öň eýýäm «unudypdy» diýdi.

Flippo Grandi 18-nji iýunda Eýrana baryp, özüniň bosgunlar komissary hökmünde edýän ilkinji regional saparynyň başynda owgan bosgunlary meselesine ünsi çekdi.

"Gynansak-da, owgan bosgunlary halkara jemgyýetçiligi tarapyndan unudyldy» diýip, Grandi Tähranda Eýranyň içeri işler ministriniň orunbasaryHossein Zolfaghari bilen bile çykyş eden metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Haçanda Ýewropa beýleki bosgunlar bilen bile köp möçberde gelip başlanlarynda, olar birden halkara jemgyýetçiliginiň ýadyna düşdi» diýip, ol aýtdy.

BMG-niň maglumatyna görä,Eýranda950,000 hasaba alnan owgan raýaty ýaşaýar.

Emma Eýranyň Içeri işler ministrligi bu ýurtda ýaşaýan owganlaryň 3 million çemesidigini aýdýar.

Grandi halkara jemgyýetçiligini Tährana bosgun goragy programmalary üçin berilýän goldawy artdyrmaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG