Sepleriň elýeterliligi

Hytaý Serbiýanyň ÝB-e goşulmagyny goldaýar


Prezident Si Jinping Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç bilen.

Prezident Si Jinping Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç bilen.

Hytaýyň prezidenti Si Jinping Pekin Serbiýa bilen gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak isleýär diýdi we Belgradyň Ýewropa Bileleşigine goşulmak niýetini goldaýandygyny aýtdy.

Si 18-nji iýunda Serbiýanyň prezidenti Tomislaw Nikoliç bilen duşuşyp, hytaý Bilen Serbiýanyň ikitaraplaýyn gatnaşyklarynyň «uly proýektlere» esaslanýandygyny belledi.

Ol Serbiýa Hytaýyň söwda gatnaşyklaryny çuňlaşdyrmak we täze bazarlary açmak nukdaý nazaryndan uzak möhletli planyna girýär diýdi.

Hytaý 2009-njy ýyldan bäri Serbiýada 1 milliard dollardan gowrak maýa ýatyrdy.

Si öz saparyny Özbegistanda jemlemezden ozal, Serbiýadan Polşa barýar.

XS
SM
MD
LG