Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Yrak goşunlary Mosula ýönelýär


Falluja YD-dan yzyna alyndy.
Falluja YD-dan yzyna alyndy.

Yrak goşunlary Mosulyň golaýynda, geljekde «Yslam döwleti» toparynyň elindäki şähere hüjüme etmäge taýýarlanmak üçin, täze front açdy.

Howpsuzlyk resmileri terrora garşy saýlama güýçleriň we iki sany goşun diwiziýasynyň 18-nji iýunda demirgazykdaky Baiji şäherinden Kaýara şäherine tarap ilerländigini aýtdy.

Bu şäher Mosuly yzyna almak üçin baza bolmaly. Mosul Yragyň iň uly demirgazyk şäheri we, «Yslam döwleti» toparynyň bu ýurtdaky paýtagty bolup durýar.

Bu ilerleme yrak güýçleri 18-nji iýunda, dört hepdelik operasiýadan soň, ahyry Falluja gireninden soň mümkin boldy.

Falluja 2014-nji ýylyň ortasyndan bäri YD-nyň elindedi.

XS
SM
MD
LG