Sepleriň elýeterliligi

Aýyplanýan: Adym dönüklere ölüm, Britaniýa azatlyk


Jo Koksyň hormatyna gül çemenleri goýuldy

Jo Koksyň hormatyna gül çemenleri goýuldy

Britaniýanyň ÝB tarapdary bolan deputaty Jo Koksy öldürmekde aýyplanýan adam 18-nji iýunda ilkinji gezek sud diňlenişigine getirilende, öz adyna «dönüklere ölüm, Britaniýa azatlyk” diýilýändigini aýtdy.

52 ýaşyndaky Thomas Mair London sudunda Zähmet partiýasynyň tanymal deputatyny öldürmekde aýyplanandan soň gözçykgynç beýanat etdi.

Ol öz dogry adyny aýtmakdan boýun gaçyrdy, ýaşaýan ýeri, doglan senesi soralanda bolsa, jogap bermedi.

Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň hatarynda galmagyny goldaýan Koks 16-njy iýunda atylyp we pyçaklanyp öldürildi.

XS
SM
MD
LG