Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Orsýet, ABŞ Siriýada harby utgaşdyrmany kämilleşdirýär


Siriýa, rus uçarlary

Siriýa, rus uçarlary

Orsýet 19-njy iýunda özüniň ABŞ bilen Siriýada harby operasiýalaryny utgaşdyrmany gowulandyrmak barada ylalaşyga gelendigini aýtdy.

Bir gün ozal Pentagon rus harbylaryny ýurduň günortasynda Siriýanyň ABŞ tarapyndan goldanylýan oppozisiýa güýçlerini nyşana almakda aýyplapdy.

Orsýetiň Goranmak ministrligi 19-njy iýunda iki ýurduň resmileriniň wideoşekilli maslahat mahalynda koordinasiýany gowulandyrmak barada ylalaşyga gelendigini aýtdy.

Waşington entek bu aýdylýanlary tassyklanok.

XS
SM
MD
LG