Sepleriň elýeterliligi

Okinawada ABŞ-a garşy protest bildirildi


Okinawa - ABŞ-a garşy protest

Okinawa - ABŞ-a garşy protest

Ýaponiýanyň Okinawa adasynda on müňlerçe adam ABŞ-nyň harbylarynyň bu ýerde bolmagyna garşy proteste çykdy.

Protestçileriň köpüsi zorlanyp öldürilen 20 ýaşly zenanyň ýasyny tutup, gara geýipdir. Bu jenaýatda ABŞ-nyň ozalky deňizçi esgeri güman edilýär.

Bu protest 19-njy iýunda, pida bolan Rina Şimabukuronyň hormatyna guralan dymyşlykdan başlandy.

Demonstrasiýaçylar ABŞ-ýapon howpsuzlyk şertnamasyna gaýtadan seredilmegine çagyrdylar.

Bu şertnama esasynda Ýaponiýadaky amerikan goşunlarynyň köp bölegi Okinawoda saklanylýar.

XS
SM
MD
LG