Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Gazak aktiwisti protest bildirip açlyk yglan etdi


Ramazan Esergepow, Almaty

Ramazan Esergepow, Almaty

Gazagystanda tussaglykdaky žurnalistlere kanunlar boýunça ýardam berýän hökümete degişli bolmadyk guramanyň başlygy hökümetiň ýeri hususylaşdyrmak baradaky dawaly kanunyna garşy açlyk yglan etdi.

“Agyr gündäki žurnalistler” atly bileleşigiň prezidenti Ramazan Esergepow açlyk çekýändigini 20-nji iýunda Almatyda yglan etdi.

Esergepow hökümeti ekerançylyk ýerlerini hususylaşdyrmak boýunça yza tesdirilen kanun barada “açyk düşündiriş” bermegi talap etdi.

Şeýle-de ol häkimiýetlerden resmi plana garşy çykyş edendigi üçin tussag edilen žurnalistleri boşatmaga çagyrdy.

Aprelde we maýda Gazagystanda müňlerçe adam hökümetiň planyna garşy çykyş edip protestlere gatnaşypdy. Ýeri hususylaşdyrmak boýunça kanun 1-nji maýda güýje girmelidi. Protestler hökümetiň kanuny 2017-nji ýyla çenli yza tesdirmäge mejbur edipdi.

Emma protestleriň netijesinde müňlerçe adam tussag edilipdi. Käbirler boşadyldy, emma ençeme adam sosial tertipsizligi tutaşdyrmakda aýyplanyp, deslapky tussaglykda saklanýar.

XS
SM
MD
LG