Sepleriň elýeterliligi

Pakistan 'Talybanyň' liderlerini soraga çekdi


Pakistanyň “Talyban” guramasynyň öňki lideri Hakimullah Mehsud (ç)

Pakistanyň “Talyban” guramasynyň öňki lideri Hakimullah Mehsud (ç)

Pakistanyň howpsuzlyk resmileri ýurduň “Talyban” guramasynyň Kurram tire-taýpalar regionynda gabawa alynmagynyň yzýany 20-nji iýunda alty sany baş wekiliniň sorag edilýändigini aýtdy.

Howpsuzlyk resmileri dynç günleriniň dowamynda gabawa düşenleriň arasynda Ijaz Mehsudyň we Hair Muhammad Mehsudyň ýagny Pakistanyň “Talyban” guramasynyň öldürlen lideri Hakimullah Mehsudyň doganlarynyň bolandygyny habar berdiler.

Häkimiýetleriň 20-nji iýunda aýtmagyna görä, Günorta Waziristan etrabynyň golaýyndaky Dera Ismail Han atly harby kärhanada gabawa alnypdyr.

Pakistanyň Kurram tire-taýpalar regiony Owganystanyň durnuksyz Nangahar, Paktia we Host regionlary bilen serhetleşýär.

Pakistanyň lideri Hakimullah Mehsud Demirgazyk Waziristan regionynda ABŞ-nyň sürüjisiz uçary tarapyndan amala aşyrylan hüjümde 2013-nji ýylda öldürilipdi.

XS
SM
MD
LG