Sepleriň elýeterliligi

Karelia: Tomus lageriniň ýolbaşçylary tussag edildi


Gaýykly syýahatdan gaýdyp gelen çagalar, Karelia

Gaýykly syýahatdan gaýdyp gelen çagalar, Karelia

Orsýetde azyndan 13 ýetginjegiň ölümine sebäp bolan heläkçiligiň yzýany 20-nji iýunda tomusky dynç alyş lageriniň bäş dolandyryjysy tussag edildi.

Orsýetiň Derňew komitetiniň 20-nji iýunda aýtmagyna görä, halas edijiler topary Karelia regionynda 18-nji iýunda agşam iki gaýygyň kölde çaknyşyp heläkçilige uçramagy zerarly ýitirim bolan 14 ýetginjegiň jesetlerini gözleýärler.

Derňewçiler “birden köp adamyň ölümine sebäp bolan howpsuzlyk şertleriniň bozulmagy” boýunça iş gozgadylar.

Häkimiýetleriň aýtmagyna görä, tomusky lageriň administrasiýasynyň jenaýat işine çekilip, günäli tapylan ýagdaýynda 10 ýyllyk türme tussaglygyna höküm edilip bilnerler.

Jemi 47 ýetginjek we ululardan dört adam 18-nji iýunda agşam üç gaýyga münüp köle syýahata çykyp, Finlýandiýa bilen serhede golaýlanlarynda gom ýeliniň turmagy zerarly iki gaýyk agdaryldy. Ýetginjekleriň aglabasy ýetimler ýa-da Moskwa regionyndan gurply bolmadyk maşgalalardan bolan çagalardy.

Karelianyň häkimiýetleri 20-nji iýunda matam gününiň yglan edilendigini aýtdylar.

XS
SM
MD
LG