Sepleriň elýeterliligi

Türkmen Mejlisi kino, ösümlikler we adalat barada kanun kabul etdi


Türkmen parlamentiniň binasy, Aşgabat

Türkmen parlamentiniň binasy, Aşgabat

Türkmenistanyň Mejlisi 18-nji iýunda ençeme täze kanunyň taslamasyny biragyzdan kabul etdi.

Resmi maglumatlara görä, Mejlisiň bäşinji çagyryşynyň agzalary 14-nji maslahatynda “Ilatyň iş bilen üpjünçiligi”, “Kinematografiýa”, “Ösümlikleri goramak”, “Türkmenistanyň adalat edaralary” we “Içeri işler goşunlary” barada kanunlaryň taslamalaryny maslahat edip, makullapdyr.

Şeýle-de türkmen parlamentiniň deputatlary “Döwlet sylaglary barada” kanuny hem “Türkmenistanyň garaşsyzlygynyň 25-nji ýyllygyna ýubileý medalyny esaslandyrmak” barada kanuny we käbir kanunlara goşmaçalary girizmegigoldapdyr.

Deputatlar kabul edilen kanunlaryň taslamalarynyň ýurduň ösüşiniň güýçlenmegine itergi berjegine umyt bagladylar.

Kanunlaryň güýje girmegi üçin Türkmenistanyň döwlet we hökümet baştutany G.Berdimuhamedow gol çekmeli.

XS
SM
MD
LG