Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Yrakda gumanitar krizisi güýçlenýär


Fallujadan gaçyp çykan raýatlar, 18-nji iýun. 2016.
Fallujadan gaçyp çykan raýatlar, 18-nji iýun. 2016.

BMG Yragyň gumanitar krizisiň güýçlenmegine duçar bolandygyny, ýardam beriji guramalaryň Falluja şäherinden gaçyp çykan raýatlaryň sanynyň köpelmegi bilen baglylykda kynçylyklary başdan geçirýändigini aýtdy. Geçen hepdede hökümet güýçleri şäheriň uly bölegini “Yslam döwleti” (YD) atly toparyň elinden basyp aldylar.

BMG-niň bosgunlar agentliginiň (UNHCR) Yrakdaky wekili Bruno Geddo halkara bardam beriji toparlarynyň “çalt emele gelen ýagdaýa çemeleşmekde kynçylyk çekýändigini” belledi.

17-nji aprelde hökümetiň Fallujanyň uly bölegini öz gözegçiligine alandygyny yglan edeli bäri BMG on müň çemesi maşgalanyň güýçli söweşlerden gaçyp şäheri terk edendigini habar berdi.

BMG-niň maglumatyna görä, Yragyň hökümetiniň Fallujany YD toparynyň elinden almak üçin maý aýynda gury ýer çärelerine başlamagyndan soň 84 müňden gowrak adam şäheri we onuň golaýyndaky giňişlikleri terk edipdir.

XS
SM
MD
LG