Sepleriň elýeterliligi

Kabuldaky partlamada 14 adam öldi


Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Hüjümiň jogapkärçiligini “Talyban” hereketi öz üstüne aldy.

Kabulda “Talyban” jeňçileriniň amala aşyran bomba hüjüminde nepally howpsuzlyk işgärleriniň 14-si öldürildi. Bu barada Owganystanyň Içeri işler ministrligi habar berýär.

Içeri işler ministr Sedik Seddikiniň aýtmagyna görä, 20-nji iýunda ir bilen amala aşyrylan hüjümde başga-da sekiz adam ýaralanypdyr.

Partlamada ýaralananlaryň biri “Associated Press” habar agentligine özleriniň Kanadanyň Kabuldaky ilçihanasynda howpsuzlygy üpjün edendiklerini mälim etdi.

Içi ýolagçyly ulag Kabuldan Jalalabada barýan pursady janyndan geçen hüjümi ýoluň ugrunda özüni partladypdyr.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid bu hüjümi toparyň jeňçileriniň amala aşyrandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG