Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Özbegistanly student gyz halkara gözellik bäsleşiginde ýeňiş gazandy


Sabina Musaýewa
Sabina Musaýewa

Kazanyň federal uniwersitetiniň studenti özbegistanly Sabina Musaýewa "2016-njy ýylyň gözellik dür dänesi" atly bäsleşikde birinji orny aldy. Bu bäsleşige Orsýetden gatnaşan Anjelina Gurnabowa bolsa onuň yz ýanyndaky orny eýeledi. Özbek gözeli 30 ýurtdan gatnaşan gözeller bilen bäsleşdi.

Bu habar "CA-News" atly habar gullugy Kazan şäher häkimliginiň internet sahypasyndan alan sepine çatylyp ýaýradyldy.

Şeýlelikde "2016-njy ýylyň gözellik dür dänesi" atly bäsleşikde dünýäniň iň owadan gözelleri we talantlary saýlandy. Jemleýji tapgyra 30 ýurduň wekilleri gatnaşdy.

"Dünýäniň gözellik dür dänesi" atly bäsleşik diňe bir owadanlyk bäsleşigi däl, ol bir wagtda talantyň, ýagny ukyplylygyň hem esasy ugur hasaplanýan bäsleşigi. Bäsleşige gatnaşýanlaryň her biri özüniň döredijilik ukybyny görkezmek üçin dürli programmalar bilen çykyş edýärler. Olaryň aglaba köpçüligi tema hökmünde milli adatlar bilen däp-dessurlary saýlap alýarlar. Bäsleşigiň jemleýji tapgyryna gatnaşmaga hak gazananlar birnäçe aýlap horeograf, režissýor hem aktýor ýaly sungat işgärleriniň goldawynda sahnada ussatlyk bilen çykyş etmegiň tilsimlerini öwrenip, ony özleşdirýärler.

Bäsleşigiň netijesine görä, "2016-njy ýylyň dünýädäki gözellik dür dänesi" atly ada Kazanyň federal uniwersitetiniň özbegistanly studenti Sabina Musaýewa mynasyp görüldi. Ikinji orny bolsa Russiýadan bolan Kazanyň tehniki uniwersitetiniň studenti Anjelina Gurbanowa, üçünjiligi bolsa Kazanyň federal uniwersitetiniň studenti, Wetnamdan Do Nýung eýeledi.

Bäsleşikde beýleki orunlara mynasyp görlenleriň sanawy şeýle:

- "Sadalyk gözeli" - Zarina Mirzoýerowa (Tajigistan)

- "Romantiki gözeli" - Dilibaar Rahatowna (Hytaý, Sintszýan - Uýgur özygtyýarly sebiti)

- "Görnüklilik gözeli" - Rudzu Randrianantenaina (Madagaskar)

- "Erudisiýa gözeli" - Anastasiýa Safiullina (Orsýet, Tatarstan respublikasy)

- "Syrlylyk gözeli" - Elnura Jumalyýewa (Gyrgyzystan)

- "Ýylgyryş gözeli" - Anhela Korredor (Kolumbiýa)

- "Ylham gözeli" - Sabina Musaýewa (Özbegistan)

- "Özüne çekiji gözel" - Jennet Möwlamowa (Türkmenistan)

- "Özboluşly gözel" - Aýnagül Surgaliýewa (Gazagystan)

- "Tutanýerlilik gözeli" - Bhawika Mirçandani (Hindistan)

- "Grasiýa gözeli" - Çao Çensi (Hytaý)

- "Asyllylyk gözeli" - Do Nýung (Wetnam)

- "Owsun gözeli" - Musasa Wiktuar Bukasa (Kongo)

- "Mynasyplyk gözeli" - Anjelina Gurbanowa (Orsýet)

XS
SM
MD
LG