Sepleriň elýeterliligi

Googlede musulmanlara garşy gözlegler köpeldi


Çehiýa respublikasynda musulmanlara garşy geçirilen miting.

Çehiýa respublikasynda musulmanlara garşy geçirilen miting.

Orlandoda bolan hüjümden soň Internetde musulmanlaryň garşysyna edilýän maglumat gözlegleri barha köpelýär.

Google gözleg hyzmatyndan söz ýa-da ses arkaly edilen gözlegleriň netijelerini görmäge mümkinçilik döredýän "Google Trends" ulgamynyň görkezijilerine görä, Orlandoda bolan hüjümden soň ol ýerde musulmanlara garşy edilýän gözlegleriň sany hasam ýokarlandy.

22-nji martda Brýusselde bolan terrorçylykly hüjümlerden soň hem şeýle ýagdaý göze ilipdi.

PRI (Public Radio International) "Google Trends" ulgamynyň üsti bilen "musulmanlary öldüriň", "musulmanlar terrorçydyr", "Yslamy ýok ediň" we "musulmanlary ýigrenýärin" ýaly çagyryşlaryň sanyny anyklamaga synanşypdyr.

Gözleg görkezijileri

Netije-de olaryň her biri bilen baglanyşykly edilen gözlegleriň sanynyň barha ýokarlanandygy äşgär bolýar.

"Google Trends" ulgamy haýsam bolsa bir sözüň ýa-da çagyryşyň her bir gözlegçi tarapyndan näçe gezek sorag-ideg edilendigi barasynda anyk maglumat bermeýär. Ýöne onuň deregine ol gözlenen zatlaryň arasynda iň köp orun alan zadyň nämedigini anyklamaga esas berýär. Gözleg görkezijileri 0-100 sanlaryň arasynda hasaplanylýar.

"Google Trends" ulgamy şeýle temadaky gözlegleri edenleriň aglaba köpçüliginiň, esasanam, ABŞ, Britaniýa, Awstraliýa we Kanada ýaly ýurtardan bolandygyny görkezýär. Ýöne, şol bir wagtyň özünde diňe ABŞ-dan bolan gözlegçileriň aýratynlykdaky san ýagdaýyny görkezýän maglumat hem göze ilýär.

Bilermenler

Musulmanlara garşy Internetde edilýän gözlegleriň iň ýokary görkezijisi geçen ýyl 13-nji noýabrda Parižde bolan terrorçylykly hüjümlerden soň hasaba alnypdyr. Edil şonuň ýaly geçen ýyl 2-nji dekabrda San Bernardinoda gurnalan hüjümden soň hem şeýle temada edilýän gözlegleriň hasam ýokarlanandygy hasaba alnypdyr.

Bilermenleriň nygtamagyna görä, islamofobiýanyň güýçlenmegi "YD" toparynyň bähbidine hyzmat edýär. Terrorçylykly hüjümleriň üsti bilen Günbatarda ýaşaýan musulmanlar bilen olaryň ildeşleriniň arasynda agzalalyk döretmek "YD" toparynyň esasy strategiýasynda hemişe ilkinji orny eýeleýär.

New Ýork Times gazetiniň dekabr aýynda çap eden bir sanynda aýdylyşyna görä, Internetde musulmanlara garşy edilýän gözlegleriň köpelmegi bilen ABŞ-da musulmanlara garşy gurnalýan duşmançylykly jenaýatlaryň arasynda gönümel arabaglanyşyk bar. Gazetdäki makalada, yslama garşy gözlegleriň Internetde has ýokary derejä ýeten mahaly duşmançylykly jenaýatlaryň hem edil şol pursatda ýaýbaňlanýandygyna üns çekilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG