Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Çeçenistan: parlament saýlawlary möhletinden öň geçirler


Raman Kadyrow we Magomed Daudow.
Raman Kadyrow we Magomed Daudow.

16-njy iýunda Çeçenistanyň 41 kanun çykaryjysy parlamentiň spikeri Magomad Daudowyň kanun çykaryjy organy dargadyp, parlament saýlawlaryny möhletinden öň, ýagny 18-nji sentýabrda Orsýetde duma saýlawlary we Çeçenistanda respublikanyň başlygy saýlawy bilen bir günde geçirmek bardaky teklibini biragyzdan oňladular.

Daudow bilen çeçen respublikasynyň başlygy Ramzan Kadyrow bu göçümi aýry geçiriljek parlament saýlawynyň goşmaça çykdaja sebäp boljakdygy bilen delillendirdiler. Daudow tygşytlanan pul ykdysady ösüşe ýa sosial problemalary çözmäge sarp edilmeli diýip maslahat berdi.

Ýöne orsýetli kommentatorlar getirilýän bu delile şübheli garaýarlar. Mysal üçin, Syýasy tehnologiýalar merkeziniň işgäri Alekseý Makarkin häzirki parlamentiň bäş ýyl möhlet bilen 2013-nji ýylyň sentýabrynda saýlanandygyna salgylanyp, bu saýlaw Orsýetde aňyrsy 2018-nji ýylyň mart aýynda geçiriljek prezidentlik saýlawlary bilen bir günde, möhletinden 6 aý öň geçirilse-de, şonça puly tygşytlap bolar diýýär.

“Tygşytlanýan pul köp zat däl”

Syýasy alym Rostislaw Turowskiniň aýtmagyna görä, parlament saýlawlaryny öňe süýşürip, 2016-njy ýylyň sentýabrynda geçirmek bilen tygşytlanýan pul köp zat däl. Turowskiniň pikiriçe, Kadyrowyň maksady üç möhlet wekilçilik eden kanun çykaryjylaryň ýerine ýaşrak, administratiw tejribeleri ýok, ýöne Kadyrowa 100 prosent ygrarly adamlary getirmek bilen parlamente "täze gan" guýmak.

Çeçen prezidentiniň adam hukuklary komissiýasynyň başlygy Heda Saratowanyň çaklamagyna görä hem, Kadyrow häzirki parlamentiň işinden närazy. Saratowa: "Ol ýerde hiç bir iş etmän oturan adamlar bar. Şol sebäpden olar ýaşrak we peýdaly boljak işjeň adamlar bilen çalşylmaly" diýýär.

Kadyrow Daudowyň spiker saýlanmagy mynasybetli eden çykyşynda bu adamlaryň gerekdigini nygtap: "Siz öz saýlawçylaryňyzyň problemalaryny bilmeli, olar bilen akýürekden gürleşmeli we olaryň sylag-hormatyndan peýdalanmaly. Öz wezipeleriňizi netijeli ýerine ýetirmek barada köpräk tagalla etseňiz, bu halkyňyza köp bähbit getirdigiňiz bolar" diýdi.

“Täze, ýaşrak adamlary getirmek”

Çeçenistanyň adam hukuklary boýunça ombudsmeni Nurdi Nuhajyýew käbir kanun çykaryjylaryň yzygiderli üç möhlet wekilçilik edip gelýändigini belläp, bu işden esasy maksadyň parlamentiň düzümini täzelemekdigini gytaklaýyn tassyklady.

Kadyrowyň ýakyn ýarany Federasiýa geňeşinde Çeçenistana wekilçilik edýän Ziýad Sabsabi täze, ýaşrak adamlary getirmek umydy bilen möhletinden öň geçiriljek saýlawlary Kadyrowyň respublikanyň ýolbaşçylygyna üçünji gezek saýlanmagy bilen baglanyşdyrýar.

Döwlet dumasynyň deputaty Dmitriý Gudkow bolsa has elhenç delile ýapyşýar. Onuň pikiriçe, bu geljekde görelde bolar, ony Ors Federasiýasynyň başga ýerlerinde-de, mysal üçin, bir kanun çykaryjy gubernatoryň diýenini etmän ýa federasiýanyň başlyklarynyň birine boýun egmän halatynda ulanyp bolar.

Çeçenistanda parlamente wekiller proporsional sistema boýunça saýlanýar. Wekilçiligi gazanmak üçin sesleriň azyndan 5 prosenti gerek. 41 agzaly häzirki parlamentde Kremliň tarapyny çalýan "Bütewi Orsýet" partiýasynyň 36, "Adyl Orsýet" partiýasynyňky 4, "Orsýetiň watançylary" partiýasynyň bolsa bir deputaty bar.

XS
SM
MD
LG