Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Gyrgyzystan daşary ýurtly YD 'tarapdarlaryny' tussag etdi


Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Abdil Segizbaew
Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetiniň ýolbaşçysy Abdil Segizbaew

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komiteti öz ofiserleriniň Siriýada “Yslam döwleti” (YD) toparyna goşulmaga synanyşmakda güman edilýän iki daşary ýurtlyny tussag edendiklerini habar berdi.

Komitet 24 we 50 ýaşly bu adamlaryň atlaryny we haýsy ýurduň raýatlarydygyny mälim etmedi.

Emma häkimiýetler olaryň Gyrgyzystan bilen goňşy ýurduň raýatlarydygyny 21-nji iýunda bellediler.

Olara Gyrgyzystana bikanun geçmek bilen bagly günä bildirilýär.

Gyrgyzystanyň Milli howpsuzlyk boýunça döwlet komitetine görä, agzalan adamlar Gyrgyzystanyň serhetlerinden fewral aýynda geçipdir we 10-njy iýunda tussag edilipdir.

XS
SM
MD
LG