Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Orsýete garşy sanksiýalary uzaltmak meselesine seredýär


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel
Germaniýanyň kansleri Angela Merkel

Germaniýanyň kansleri Angela Merkeliň ýolbaşçylygynda Ýewropa Bileleşigi (ÝB) Orsýetiň Ukrainadaky hereketleri bilen baglylykda Moskwa garşy sanksiýalary ýene alty aýlyk uzaltmaga taýýarlyk görýärler. Şol bir wagtda-da ÝB-niň käbir agzalary has barlyşykly hereketlere çagyrýarlar.

ÝB-niň ministrleriniň 21-nji iýunda Luksemburgda geçiriljek duşuşygyň dowamynda 1-nji iýulda möhleti dolýan sanksiýalary uzaltmagyna garaşylýar.

Luksemburgda gelinjek kararyň ÝB-niň liderleriniň indiki hepdede Brusselde geçirjek maslahatynda tassyklanmagy talap edilýär.

Merkel Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp almagyna we öz düzümine goşmagyna, şeýle-de gündogar Ukrainada orsýetçi separatistleri goldamagyna garşy sanksiýalary güýçlendirmegiň tarapynda çykyş edip gelýär.

XS
SM
MD
LG