Sepleriň elýeterliligi

Biden Trumpyň musulmanlara garşy syýasatyny ýazgardy


ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden

ABŞ-nyň wise-prezidenti Joe Biden respublikanlardan prezidentlige dalaşgär Donald Trumpyň musulmanlara garşy syýasatynyň ABŞ-da nägileligi tutaşdyrmagynyň we zeper ýetirmeginiň mümkindigini duýdurdy.

“Meniň eşidýän sözlerimiň käbirleriniň dünýädäki 1.4 milliard musulmanyň ählisiniň radikallaşmagyna gönükdirilen bolmagyna meňzeýär” diýip Biden “Täze Amerikanyň howpsuzlygy” merkezinde 20-nji iýunda eden çykyşynda aýtdy.

19-njy iýunda Trump musulmanlaryň immigrasiýasyny wagtlaýyn togtatmak baradaky ozalky çykyşlaryny gaýtalady we ABŞ-nyň ýurduň içindäki musulmanlara üns bermelidigini belledi.

“Musulmanlaryň ABŞ barmagyny gadagan etmek ýa-da beýleki dini jemgyýetlere terrorçylyga baş goşmakda töhmet atmak ýaly gorky we çydamsyzlyk syýasatynyň ýöredilmegi Amerikanyň dünýäniň taryhynda demokratiýanyň ägirdi statusyny sorag astyna goýýar” diýip Biden belledi.

XS
SM
MD
LG