Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

BMG: Bahreýniň ruhanynyň raýatlygyny ýatyrmagy adalatsyz


Şaýy ruhanysy Aýatollah Isa Kassem
Şaýy ruhanysy Aýatollah Isa Kassem

BMG-niň Adam hukuklary boýunça edarasy Bahreýniň ýurduň baş şaýy ruhanysynyň raýatlygyny elinden almak kararynyň halkara kanunlary nukdaý nazaryndan “göz-görtele adalatsyzdygyny” aýtdy.

BMG-niň agentliginiň ýolbaşçysy Rawina Şamdasani 21-nji iýunda Ženewada eden çykyşynda Bahreýniň sünnileriň ýolbaşçylygyndaky hökümetiniň şaýy ruhanysy Aýatolla Isa Kassemiň raýatlygyny gaýdyp almagy üçin “berjaý edilmeli işler ýerine ýetirilmedi” diýdi.

20-nji iýunda Bahreýniň Içeri işler ministrligi Kassemi öz wezipesini ulanyp, “daşary ýurtlaryň bähbitlerini aramakda” we “bölünişigi hem zorlugy” tutaşdyrmakda aýyplady we şaýylaryň ýolbaşçylygyndaky Eýrana tarap yşarat etdi.

20-nji iýunda agşam Kaseemiň müňlerçe tarapdary ruhanynyň Diraz obasyndaky öýüniň daşynda jemlenip häkimiýetleriň kararyna protest bildirdiler.

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň metbugat-wekili John Kirby Waşingtonyň Bahreýniň Kassemiň raýatlygyny elinden almak kararyna aladalanma bildirýändigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG