Sepleriň elýeterliligi

ÝB Orsýete garşy sanksiýalaryň möhletini uzaltdy


Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel.

Ýewropa Bileleşiginiň ilçileri Ukrainadaky hereketleri sebäpli Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalary ýene alty aý uzaltmak barada ylalaşdylar.

Ýöne Luksemburgda gelnen bu karary geljek hepde Brýusselde geçjek sammitde Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň oňlamagy gerek.

Germaniýanyň kansleri Angela Merkel Bileleşigi Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny basyp alyp, ony özüne bikanun birikdirmegine, şeýle hem onuň gündogar Ukrainada Orsýetçi separatistleri goldamagyna garşy girizilen sanksiýalary saklap galmagy ündedi.

Ol Slowakiýa, Wengriýa we Italiýa ýaly ýurtlara sanksiýa garşy tutumlaryny goýmalydyklaryny we sanksiýalaryň ýene bir alty aýlyk öz güýjünde galmagynyň zerurdygyny ynandyrana meňzeýär.

Sanksiýalardan irmek

Ýöne Merkeliň öz ministrleriniň arasynda-da bölünişigiň döräp gelýändigini görkezýän alamatlar ýok däl.

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Waltar Steinmeier ýaňy dynç alyş günleri Germaniýanyň "Bild" gazetine beren interwýusynda özüniň Orsýet bilen dikleşmezligi ileri tutýandygyny, NATO-nyň dyzmaç hereketleriniň ýagdaýy ýaramazlaşdyrýandygyny aýtdy.

Fransiýanyň kanun çykaryjylary-da iýun aýynyň başlarynda sanksiýalaryň kem-kemden ýatyrylmagyna çagyryş edýän bir rezolýusiýany oňlamak bilen özleriniň sanksiýalardan irendiklerini duýdurdylar.

Ýöne Fransiýanyň daşary işler ministri Jean-Mark Aýrault 20-nji iýunda öz hökümetiniň aýdýanlaryny gaýtalap, sanksiýalar häzirlikçe saklanyp galar, sebäbi Orsýet bilen Ukraina Minsk ylalaşygynda öz üstlerine alan borçlaryny entek ýerine ýetirenoklar diýdi.

Aýrault Ýewropa Bileleşiginiň liderleriniň gündogar Ukrainada Orsýet tarapdan goldalýan separatistler bilen Ukrainanyň hökümet güýçleri arasynda barýan konflikti çözmäge gönükdirilen Minsk ylalaşygynyň amala aşyrylmagynda "hakyky, anyk, saldamly ilerlemeleriň" bolanyny görmek isleýändiklerini aýtdy.

Ýunker sanksiýalary goldaýar

Harby güýje däl-de, Moskwa bilen dialoga çagyrýan diňe Germaniýanyň daşary işler ministri däl.

Italiýanyň premýer-ministri Mattea Renzi bilen Ýewropa komissiýasynyň başlygy Jean-Klaude Ýunker öten tepde St.Peterburgda potensial maýa goýujylar üçin geçirilen uly maslahata gatnaşdylar.

Bir ýyl mundan ozal-da beýle zatlaryň asyl pikiri hem edilmeýärdi.

Ýunker maslahatdan öň özüniň Orsýetiň garşysyna girizilen sanksiýalary goldaýandygyny, ýöne Moskwa bilen bolan kommunikasiýa liniýasynyň açyk galmagyny isleýändigini aýtdy.

Orsýete garşy sanksiýalara has şübheli garaýanlaryň biri bolan Slowakiýa iýuldan başlap alty aýlap Ýewropa Bileleşiginiň prezidentlik wezipesini ýerine ýetirer. Ol ýanwar aýynda sanksiýalary ýene bir alty aýlyk uzaltmak barada pikir alşylanda hem şu orunda bolar.

"Adamlar Orsýet bilen dikleşmekden ýadadylar. Olar dartgynlylygy halanoklar, Ukrainada hem reforma işlerinde ilerleme bolmaýandygyny görýärler" diýip, Waşingtonda ýerleşýän "Transatlantic Academy" ylmy barlag merkeziniň ýokary derejeli işgäri Ulrik Spek aýdýar.

XS
SM
MD
LG