Sepleriň elýeterliligi

Steinmeier: Ýewropa täze bölünişigiň bosagasynda dur


Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter Steinmeier Ýewropanyň “täze bölünişigiň töwekgelçiliginiň bosagasynda durandygyny aýtdy.

Şeýle-de Steinmeier NATO-nyň we Orsýetiň arasynda harby gapma-garşylygyň däl-de dialogyň geçirilmelidigini aýtdy.

Steinmeieriň bu garaýyşlary 22-nji iýunda Orsýetde, Ukrainada we Belarusda çap bolan maglumatlarda öňe sürüldi.

Steinmeier Orsýetiň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny öz düzümine goşmagy barada sözlän sözünde “halkara kanunlary bozup, serhetleri birtaraplaýyn üýtgetmeklik we goňşy ýurtlaryň serhetlerine hormat goýmazlyk bizi gaýtalanmagyny hiç kimiň islemeýän döwürlere tarap yza tesdirdi”, diýdi.

Steinmeier 18-nji iýunda eden çykyşynda NATO-ny gündogar serhetlerinde harby türgenleşikleri geçirmek arkaly “uruşy tutaşdyrmakdan” saklanmaga çagyrdy, şeýle-de harby türgenleşikleriň ýerine Orsýet bilen has köp dialog geçirmäge çagyrdy.

XS
SM
MD
LG