Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Orsýet Günbataryň 'agressiw' hereketlerine jogap bermeli diýdi


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin
Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 22-nji iýunda Döwlet Dumasynda eden çykyşynda ýurduň “öz howpsuzlygy barada pikir etmelidigini” aýdyp, “NATO-nyň Orsýetiň serhetleriniň golaýyndaky agressiw hereketlerine” garşy durmalydygyny belledi.

Şeýle-de Putin Orsýetiň halkara terrorçylygyna garşy häzir bar bolan bileleşikleriň çäginde howpsuzlyk sistemasyny döretmek arkaly göreşjekdigini habar berdi.

Putin Orsýetiň parlamentiniň aşaky öýi bolan Döwlet Dumasynyň 2014-nji ýylda Ukrainanyň Krym ýarymadasynyň anneksiýa edilmegini goldandygy üçin kanun çykaryjylara minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Dumasynyň 22-nji iýunda geçirilen maslahaty iň soňky plenar maslahaty bolup, onuň altynjy çagyryşdaky düzüminiň bäş ýyllyk möhleti sentýabr aýynda tamamlanýar.

XS
SM
MD
LG