Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ŞHG liderleri Daşkentde duşuşýar


Özbek prezidenti Yslam Kerimow (S) rus kärdeşi Wladimir Putin bilen ŞHG sammitinde, Ufa, 10-njy iýul, 2015.
Özbek prezidenti Yslam Kerimow (S) rus kärdeşi Wladimir Putin bilen ŞHG sammitinde, Ufa, 10-njy iýul, 2015.

23-24 iýunda Daşkentde, Özbegistanyň prezidenti Yslam Kerimowyň başlyklyk etmeginde, Şanhaý Hyzmatdaşlyk guramasyna gatnaşyjy döwletleriň ýubileý mejlisi geçirilýär.

Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bu mejlise başlyklyklyk ediji döwletiň myhmany hökmünde gatnaşar diýip, resmi maglumatlarda aýdylýar.

Guramanyň ýubileý duşuşygy Orsýetiň goranmak ministriniň sebitdäki howpsuzlyk meseleleri bilen bagly regionyň ýurtlaryna, şol sanda Türkmenistana sapar eden wagtynyň yz ýanyna gabat geldi.

Orsýetiň Goranmak ministrliginiň maglumatyna görä, goşun generaly sergeý Şoýgy türkmen prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşykda Moskwanyň sebitdäki terrorçylyk howpuna göz ýumup bilmejekdigini aýdypdy.
Mälim bolşy ýaly, soňky birnäçe ýylda Owganystanyň türkmen serhedine golaý ýerlerinde «Talyban» jeňçileri bilen barýan söweşleriň yzygiderli dowam edýändigi aýdylýar.

Özbegistanyň Daşary işler ministrliginiň saýtynda çap edilen habara görä, gatnaşyjy döwletleriň hemmesi – Orsýet, Gazagystan, Hytaý, Gyrgyzystan we Täjigistan guramanyň Daşkentde geçjek sammitine gatnaşjakdygyny resmi taýdan tassyk etdi.

«Owganystanyň prezidenti Aşraf Gani, Belarusyň prezidenti Aleksandr Lukaşenko, Mongoliýanyň prezidenti Sahiaiýn Elbegdorž, Pakistanyň prezidenti Mamnun Huseýn, Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, Eýranyň daşary işler ministri Mohammad Zarif dagy sammite synçy döwletleriň wekilleri hökmünde gatnaşsa, Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow başlyklyk ediji döwletiň myhmany hökmünde gatnaşar» diýip, habarda aýdylýar.

Bulardan başga, Daşkentdäki duşuşyga BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary Jebriý Feltman, GDA-nyň ýerine ýetiriji komitetiniň başlygy, ýerine ýetiriji sekretar Sergeý Lebedew, Kollektiw howpsuzlyk şertnamasy guramasynyň baş sekretary Nikolaý Bordýuža, ASEAN-nyň, Günorta-Gündogar Aziýa döwletleriniň bileleşiginiň baş sekretaryLe Lyong Min we Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamdarlyk çäreleri geňeşiniň ýerine ýetiriji direktory Gun Szýanweý gatnaşar.

Döwlet baştutanlarynyň sammitinde ŞHG-nyň 2025-nji ýyla çenli ösüş strategiýasynyň2016-2020-nji ýyllar boýunça iş planlaryny durmuşa geçirmek meseleleriniň, şeýle-de ýurtlaryň arasyndaky hyzmatdaşlygy berkitmäge gönükdirilen dokumentler toplumynyň ara alnyp maslahatlaşylmagyna garaşylýar.

Mejlise ŞHG-nyň baş sekretary Raşid Alimow we ŞHG-nyň terrora garşy regional gurluşynyň ýerine ýetiriji komitetiniň direktory Ýewgeniý Sysoýew dagy hem gatnaşar.

Özbegistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Anwar Nasyrowyň sözlerine görä,maslahata gatnaşmak üçin Daşkende gatnaşyjy döwletleriň, halkara guramalarynyň we daşary ýurt habar serişdeleriniň 1000-e golaý wekili geler.
ŞHG-nyň döwlet baştutanlarynyň Daşkentdäkisammiti guramanyň döredilmeginiň 15 ýyllygyna gabatlanyp geçirilýär.

Duşuşygyň gün tertibine görä, döwlet baştutanlary ŞHG-nyň çäginde köpugurly we özara peýdaly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmagyň meselelerini ara alyp maslahatlaşarlar we aktual regional we halkara meseleleri barada pikir alşarlar.

XS
SM
MD
LG