Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: 'Talybanyň' zamun alan 21 ýolagçysy boşadyldy


Owganystanyň howpsulyk güýçleri ýolda ulaglary barlaýar, Helmand welaýaty, 21-nji iýun, 2016.

Owganystanyň howpsulyk güýçleri ýolda ulaglary barlaýar, Helmand welaýaty, 21-nji iýun, 2016.

Owgan resmileriniň 22-nji iýunda aýtmagyna görä, “Talyban” bir gün ozal Owganystanyň günortasynda zamun alan 23 adamy boşadypdyr.

“Talybanyň” söweşijileriniň 21-nji iýunda agşam Helmand welaýatynda 20 çemesi adamy awtobuslara we ýük ulaglaryna mündürip ogurlandygy habar berilipdi.

Welaýatyň häkiminiň metbugat-wekili Omar Zwak ogurlanan adamlaryň Kandagar şäherinden Hyrata barýarka alnyp gaçyrylandygyny aýtdy.

Şaýatlar söweşijileriň Owganystanyň milli harby geýimlere geýnip ulaglary saklandyklaryny, 60 çemesi adamy tussag edendiklerini we yzýany aýallary we çagalary boşadandygyny habar berdiler.

“Talybanyň” maglumatynda söweşijileriň owgan resmilerini gözleýändigi we Kabulda owgan hökümetinde işlemeýänleriň boşadyljakdygy aýdyldy.

Owgan resmileri ogurlanan adamlaryň 21-nji iýunda “Talybanyň” galasy hasaplanýan Helmand welaýatynyň Marja etrabynda geçirilen harby operasiýanyň netijesinde boşadylandygyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG