Sepleriň elýeterliligi

Orsýet Türkmenistana barýan ýükli ulagy saklady


Orsýetiň Ukraina bilen serhedindäki Brýansk regionynyň “Troýebortnoýe” barlag-geçiş nokady

Orsýetiň Ukraina bilen serhedindäki Brýansk regionynyň “Troýebortnoýe” barlag-geçiş nokady

Orsýetde Türkmenistana ýük alyp barýan ulaglaryň saklanandygy orsýet mediasynda habar berildi.

Orsýetiň “Rospotrebnadzor” döwlet agentliginiň Brýansk we Smolensk regionlary boýunça edarasynyň 17-nji we 18-nji iýun aralygynda ençeme ulagy, şol sanda Belarus Respublikasyndan üç müň tonna gök-miwe önümlerini alyp barýan ýük ulagyny, şeýle-de Ukrainadan Türkmenistana itler we pişikler üçin azyk önümlerini we däri-dermanlary alyp barýan 10 tonna ýükli ulagy saklandygyny “RegTime” neşri “Rospotrebnadzor” agentligine salgylanyp, habar berdi.

Maglumata laýyklykda, Türkmenistana barýan ulag Brýansk regionynyň Sewskiý raýonynyň “Troýebortnoýe” barlag-geçiş nokadynda saklanypdyr. Ukrainanyň “O.L.KAR-AgroZooWet-Serwis” şirketiniň önümini alyp barýan ulagda Ukrainanyň döwlet weterinar gullugynyň şahadatnamasynyň bardygy habar berildi, emma dokumentiň kada laýyk doldurylmandygy maglumatda bellendi.

XS
SM
MD
LG