Sepleriň elýeterliligi

Günüň energiýasy bilen hereket edýän uçar 70 sagatlyk uçuşyny tamamlady


"Solar Impulse 2" diňe günüň energiýasy bilen hereket edýän uçar. 23-nji iýun, 2016 ý. Ispaniýa.

"Solar Impulse 2" diňe günüň energiýasy bilen hereket edýän uçar. 23-nji iýun, 2016 ý. Ispaniýa.

Diňe günüň energiýasy bilen hereket edýän uçar Atlantik ummanynda 70 sagatlyk uçuşyny tamamlady. Bu dünýäde diňe günüň energiýasy bilen amala aşyrlan ilkinji uçuşy tamamlamak üçin edilýän synanyşygyň iň uly etaplarynyň biridir.

Şweýsariýaly pilot Bertrand Pikard 20-nji iýunda Nýu-Ýorkuň John F. Kennedi adyndaky halkara aeroportundan sapara başlan “Solar Impulse 2” belgili uçary 23-nji iýunda Ispaniýada ýere gondurdy.

Bu uçaryň özüniň transatlantik bölegindäki saparyny tamamlamak üçin 90 sagat uçmagyna garaşylýardy.

Bu günüň energiýasy bilen hereket edýän uçaryň ýer şaryny doly uçup geçmegi üçin edilen synanyşyklaryň 15-nji etapydyr.

Pikard we şweýşsariýaly pilot Andre Borşberg uçara gezekleşip kontrollyk edip, 2015-nji ýylyň mart aýynda başlan saparyny Abu-Dabi şäherinde tamamlamagy umyt edýärler.

XS
SM
MD
LG