Sepleriň elýeterliligi

Britanlar ÝB baradaky referendumda ses berýärler


Britanlar ÝB baradaky referendumda ses berýärler.

Britanlar ÝB baradaky referendumda ses berýärler.

23-nji iýunda Beýik Britaniýada ses berijiler “ýurt Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde saklanyp galmalymy ýa-da ýok?” diýen sorag boýunça geçirilýän referendumda ses berýärler. Bu Beýik Britaniýanyň 1975-nji ýyldan bäri Ýewropa bilen ilteşikli geçirýän ilkinji ses berişligidir.

Referendumyň öňýanynda geçirilen pikir soralyşyklarda, Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginiň düzüminde “galmagyny” ýa-da “çykmagyny” gorap çykyş edýän syýasatçylaryň ýurduň 46,5 million ses berijisine täsir etmek üçin ençeme aýlap geçiren dawaly kompaniýalaryndan soň, sesleriň birek-biregini örän ýakyndygy mälim edildi.

23-nji iýunda geçirilýän referendumyň netijelerini berjaý etmeklik ýuridiki taýdan borçly hasaplanmaýar.

Beýik Britaniýanyň Ýewropa Bileleşiginden çykmagy üçin ýurduň parlamenti ilki bilen Britaniýany bileleşigiň düzümine girizen kanuny ýatyrmak üçin ses bermeli bolar.

XS
SM
MD
LG