Sepleriň elýeterliligi

ŞHG liderleri Daşkentde duşuşýarlar


Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň liderleri.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza ýurtlaryň liderleri.

Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) agza we synçy statusynda gatnaşýan ýurtlaryň prezidentleri bu guramanyň sammitine gatnaşmak üçin 23-nji iýunda Özbegistanyň paýtagty Daşkente bardylar.

ŞHG-nyň liderleri iki gün dowam etjek bu duşuşygyň çäginde regional howpsuzlyk we Owganystandaky häzirki ýagdaýy öz içine alýan meseleler barada maslahat edýärler.

22-nji iýunda Kreml bu maslahatyň dowamynda Sanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň düzümine 2017-nji ýylda Hindistany we Pakistany goşmak ähtimallygynyň hem maslahat ediljekdigini mälim etdi.

Bu ýurtlaryň ikisiniň hem Daşkentde geçirilýän sammit döwründe ŞHG-na resmi taýdan kabul edilmegine garaşylýardy.

XS
SM
MD
LG