Sepleriň elýeterliligi

KGB 138 belarus raýatyny derňeýär


Ukrainanyň Donetsk regionyndaky harabalyklaryň arasynda duran zenan.

Ukrainanyň Donetsk regionyndaky harabalyklaryň arasynda duran zenan.

Belarusyň KGB-siniň ýa-da Döwlet Howpsuzlyk Komitetiniň başlygy Ukrainanyň gündogaryndaky Luhansk we Donetsk regionlarynda söweşendigine ynanylýan 138 belarus raýatyna garşy derňewleriň başladylandygyny aýdýar.

KGB-niň başlygy Waleriý Wakulçigiň 23-nji iýunda beren maglumatyna görä, şübhelileriň ukrain hökümet güýçleriniň ýa-da Orsýete tarapdar separatistleriň hatarynda söweşendigine ynanylýar.

Wakulçik 138 adamyň ählisiniň hakyna tutulan adam hökmünde daşary ýurtlarda söweşmek aýyplamasy bilen aýyplanjakdygyny aýtdy.

Şu ýylyň aprel aýynda Belarus ýurduň raýatlarynyň daşary ýurt harby konfliktlerinde hakyna tutulan adam hökmünde söweşmegini gadagan edýän kanuny kabul etdi.

XS
SM
MD
LG