Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Rim papasy Ermenistana üç günlük saparyna başlady


Rim papasy Fransis Gresiýanyň "Moria" bosgunlar lagerinde migrantlar bilen duşuşýar.

Rim papasy Fransis Gresiýanyň "Moria" bosgunlar lagerinde migrantlar bilen duşuşýar.

Rim papasy Fransis 24-nji iýunda Ermenistana üç günlük saparyna başlady. Bu ýerde onuň Ýakyn Gündogardaky hristianlaryň agyr ýagdaýy barada Watikanyň aladalanmalaryny beýan etmegine garaşylýar.

Ermenistan Siriýadaky we Yrakdaky yzarlanmalardan gaçyp gelen on müňlerçe bosguny gowy garşy aldy.

Rim papasynyň Ermenistana edýän saparynyň dowamynda 1915-1917-nji ýyllarda Osman imperiýasy tarapyndan 1 milliondan gowrak ermeniniň öldürilmeginiň hatyrasyna gurlan ýadygärlige baryp görmegine, ýurduň uly bolmadyk rim-katolik jemgyýeti bilen duşuşmagyna garaşylýar.

Ermenistan Sowet Soýuzyndan öz garaşsyzlygyny yglan edeli bäri Fransis Ýerewana baran ikinji rim papasydyr.

XS
SM
MD
LG