Sepleriň elýeterliligi

Gazagystan: Iki adama sibir başy infeksiýasy ýokaşdy


"Bacillus anthracis" bakteriýasynyň ulaldylan şekili (Reuters)

"Bacillus anthracis" bakteriýasynyň ulaldylan şekili (Reuters)

Gazak häkimiýetleri ýurduň gündogar sebitindäki iki ýaşaýja sibir başy infeksiýasynyň ýokaşandygyny tassykladylar. Soňky bir hepdäniň dowamynda Gazagystanda şuňa meňzeş ikinji wakanyň üsti açylýar.

Gazak saglygy saklaýyş ministri Tama Duisenowanyň 24-nji iýunda beren maglumatyna görä, Gazagystanyň gündogar oblastyndaky Kolbatau obasynyň iki ýaşaýjysynda geçirilen barlaglar netijesinde olara sibir başy infeksiýasynyň ýokaşandygy anyklaşdyryldy.

22-nji iýunda gazak resmileri ýurduň Karagandy regionynda iki ýaşaýjynyň sibir başy infeksiýasynyň netijesinde ýogalandygyny we bu ýowuz kesel sebäpli başga-da alty adamyň keselhana ýerleşdirilendigini tassykladylar.

ABŞ-nyň kesellere gözegçilik etmek we öňüni almak boýunça merkezleriniň (CDC) maglumatyna görä, öý mallary, şol sanda şahly iri mallar, goýunlar, geçiler we keýikler infeksiýa topragy, ösümlikleri we hapa suwy ýuwudyp duçar bolýarlar.

CDC infeksiýanyň antibiotikler bilen bejerilmedik ýagdaýynda ölüme getirýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG