Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Putin: Hindistan, Pakistan SHG-a 2017-de goşulyp biler


Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) öz metbugat wekili Dmitriý Peskow bilen gürleşýär. 24-nji iýun, 2016 ý.

Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin (çepde) öz metbugat wekili Dmitriý Peskow bilen gürleşýär. 24-nji iýun, 2016 ý.

24-nji iýunda Russiýanyň prezidenti Wladimir Putin Hindistanyň we Pakistanyň 2017-nji ýylda Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna (ŞHG) goşulmak ähtimallygyny uzaltdy.

Putin özbek paýtagty Daşkentde Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň sammitinde çykyş edip, Nýu-Deli we Yslamabat gurama “agza ýurtlaryň statusyna eýe bolmak üçin borçnamalaryň ählisini ýerine ýetirmeli” diýdi.

Şol bir wagtyň özünde, Russiýanyň prezidenti guramanyň 2017-nji ýylda Gazagystanda geçiriljek sammitinde bu iki ýurduň hem topara doly agza bolmaga tarap ugrukmagyny umyt edýändigini belledi.

Öz çykyşynyň dowamynda Putin Eýranyň bu gurama agza bolmagyna bökdençlik bolýan zadyň ýokdugyny hem aýtdy.

Ol “Eýran ýadro problemasyny çözenden we Birleşen Milletler Guramasynyň sanksiýalary ýatyrylandan soň”, Tähran gurama agza bolup biler diýdi.

ŞHG-nyň liderleri regional howpsuzlyk we Owganystandaky häzirki ýagdaýlary öz içine alýan meseleler barada maslahat etmek üçin 23-nji iýundan bäri Daşkentde duşuşýarlar.

XS
SM
MD
LG