Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: BMG-den Russiýanyň bombalarynyň derňelmegi soralýar


Russiýanyň harby uçary.

Russiýanyň harby uçary.

Siriýanyň esasy oppozision topary Birleşen Milletler Guramasyndan Russiýanyň Siriýada klaster we ýakyjy bombalary yzygiderli ulanandygy baradaky aýyplamalary derňemegi sorady.

“Russiýanyň howa güýçleri dokumentleşdirilen azyndan 10 wakada Siriýanyň parahat ilatyny öldürmek we weýran etmek üçin ýakyjy ýaraglary we klaster ok-däri serişdelerini yzygiderli ýerleşdirýär” diýip, gepleşikleri geçirýän Ýokary komitetiň koordinatory Riad Hijab 23-nji iýunda BMG-niň baş sekretary Ban Ki-muna ugradan hatynda aýdýar.

“Olar adaty ýaraglaryň anyk görnüşleri baradaky Konwensiýany we halkara ynsanperwer kanunlaryny bozdular” diýip, Riad Hijab belleýär.

Russiýanyň armiýasy özüniň klaster ýa-da ýakyjy bombalary ulanmaýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG