Sepleriň elýeterliligi

logo-print

ÝB-niň alty ministri Berlinde krizis duşuşygyny geçirýär


Angela Merkel ÝB-ni reforma etmäge çagyrdy.

Angela Merkel ÝB-ni reforma etmäge çagyrdy.

Ýewropa Bileleşiginiň alty sany esaslandyryjy agzasy Britaniýanyň bileleşigi terk etmeginden we britan premýer ministri Deýwid Kameronyň işden çekilmeginden bir gün soňkrizis duşuşygyny geçirýär.

Berlindäki duşuşyk Germaniýanyň, Fransiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandiýanyň we Lýuksemburgyň daşary işler ministrleriniň geljek hepdede boljak tapgyrlaýyn duşuşyklarynyň ilkinjisidir.

24-nji iýunda Britaniýadaky referendumyň netijeleri yglan edileninden soň, Germaniýanyň kansleri Angela Merkel we Fransiýanyň prezidenti Fransua Olland Britaniýanyň çykmagy bilen dörän bölünişik ähtimallygyndan sowulmak üçin ÝB-ni reforma etmäge çagyrdy.

Ýewropa liderleri bu geçişiň ykdysady, syýasy, sosial babatda mümkin boldugyça agyry-ynjyszy bolmagyny üpjün etmek isleýärler.

XS
SM
MD
LG