Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin Pekinde hytaý liderleri bilen gepleşýär


Prezident Putin 24-nji iýunda Daşkentde Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen bile ŞHG sammitine gatnaşdy.
Prezident Putin 24-nji iýunda Daşkentde Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen bile ŞHG sammitine gatnaşdy.

Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin Pekine sapary mahalynda döwlet kontrollygyndaky rus TW-siniň basym Hytaýdaky tomaşaçylara gepleşik berip başlajakdygyny aýtdy.

25-nji iýunda Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen gepleşiklerden soň çykyp gürlän Putin Orsýetiň TW3-niň örän basym işläp başlajagyny habar berdi.

Bu telekanalda esasan tomaşa gepleşikleri bolar we ol Gazprom media kompaniýasynyň bir bölegidir.

Kreml biraz öň Putiniň gepleşiklerinde Ýewraziýa integrasiýasy boýunça uly möçberli ikitaraplaýyn proektlere, şeýle-de esasy halkara meselelerine, şol sanda Siriýa, Owganystan we Koreýa ýarymadasy bilen bagly ýagdaýlara üns beriljekdigini aýtdy.

Putin bilen hytaý ýolbaşçylarynyň bu sapar mahalynda onlarça dokumente gol çekmeklerine garaşylýar.

Putin 24-nji iýun güni giçlik Pekine gelenden soň Hytaýyň daşary işler ministri Wang Ýi bilen duşuşdy.

Ol 24-nji iýunda Daşkentde Hytaýyň prezidenti Si Jinping bilen bile ŞHG sammitine gatnaşdy.

Putin bilen Si 2013-nji ýyldan bäri 15 gezek çemesi duşuşdy.

XS
SM
MD
LG