Sepleriň elýeterliligi

Türkmenistan ŞHG bilen 'hyzmatdaşlyga taýýar'


Türkmenistanyň prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Daşkende ŞHG-nyň agza ýurtlarynyň döwlet baştutanlarynyň 15-nji, ýubileý mejlisine gatnaşdy diýip, türkmen telewideniýesi 24-nji iýunda habar berdi.

Şeýle-de türkmen prezidentiniň Daşkentde owgan kärdeşi Aşraf Gani bilen duşuşandygy aýdylýar.

Prezident Berdimuhamedow ŞHG-nyň sammitiniň mejlisinde eden çykyşynyň başynda bu möhüm duşuşyga hormatly myhman hökmünde çagyrylandygy üçin özbek prezidenti Y.Kerimowa minnetdarlyk bildiripdir.

Şeýle-de ol, mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen hyzmatdaşlygyň Türkmenistanyň daşary syýasat ugrunyň «möhüm bölegidigini» belläpdir.

Türkmen lideriniň pikiriçe, Türkmenistan bilen ŞHG-nyň energiýa, transport, aragatnaşyk we söwda pudaklarynda giň hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bar.

Ol soňky ýyllarda Türkmenistandan Hytaýa, Eýrana çekilen gaz geçirijilerini mysal getirip, häzirki günde bu ugurda has giň mümkinçilikleriň döreýändigine ünsi çekipdir webu sözüne delil hökmünde TOPH proektiniň gurluşygynyň başlanmagyny ýatladypdyr.

«Türkmenistan ŞHG ýurtlary bilen söwda dolanyşygyny giňeltmäge, eksport-import operasiýalaryny dürlüleşdirmäge, senagat we söwda infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak üçin tejribe we tehnologiýa alyşmaga gyzaklanýar» diýip, Berdimuhamedow öz sözüniň dowamynda aýdýar.

Şeýle-de ol ŞHG-nyň mümkinçilikleriniň regional deňagramlylygyny berk saklamak, konfliktlere ýol bermezlik, oňuşmazlyklaryň diňe gepleşikler arkaly çözülmek usulyna eýerilmegi nukdaý nazaryndan ulanyljagyna ynam bildiripdir.

Şeýle-de Berdimuhamedow Türkmenistanyň Şanhaý hyzmatdaşlyk guramasy bilen bu möhüm meseleleri çözmekde işjeň hyzmatdaşlyga taýýardygyny aýdypdyr.

Türkmen prezidenti Daşkentde, günüň ikinji ýarymynda Owganystanyň Yslam respublikasynyň perzidenti Aşraf Gani bilen hem duşuşdy.

«Kuksaroý» döwlet rezidensiýasynda bolan duşuşykda iki ýurduň liderleriniň regional we halkara syýasatyndaky özara gyzyklanma bildirýän meseleler barada maslahat edendigi habar berilýär.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG