Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB ministrleri Britaniýanyň çykyşy prosesini 'gyssaýar'


 Frank-Walter Steinmeier, Berlin
Frank-Walter Steinmeier, Berlin

Germaniýanyň daşary işler ministri Frank-Walter SteinmeierÝB-niň esaslandyryjy alty döwleti, bileleşigiň syýasy alasarmyklyga düşmezligi üçin, Britaniýanyň çykyş prosesini mümkin boldugyça çaltlaşdyrmagyny isleýär diýdi.

Steinmeier bu sözleri 25-nji iýunda, Fransiýanyň, Italiýanyň, Belgiýanyň, Niderlandiýanyň we Lýuksemburgyň daşary işler ministrleri bilen krizis duşuşygyny geçirende aýtdy.

German kansleri Angela Merkel 25-nji iýundaky gepleşiklerden soň Britaniýanyň çykyş gepleşikleriniň başlanmagynyň «hemişelik» bolmaly däldigini, ýöne bu kararyň Britaniýa baglydygyny aýtdy.

Ozaly Britaniýa özüniň ÝB-den çykmak niýeti barada, Lisbon şertnamasynyň 50-nji maddasy esasynda,resmi habar bermeli. 50-nji madda ÝB-niň islendik döwletiniň öz konstitusiýa talaplary esasynda Bileleşikden çykyp bilýändiginigörkezýär.

Emma Britaniýanyň konstitusiýasy bu çäräniň parlamentiň iki palatasyndan, beýleki kanunçylyk komitetlerinden hem doly geçirilmegini talap edip biler.

Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kameron 24-nji iýunda özüniň oktýabrdan öň işden çekiljekdigini, emma gelýän üç aýda ýurda ýolbaşçylygy dowam etdirjekdigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG