Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hytaý: Ýol hadysasynda 30 adam öldi


Plakatlaryň öňünden geçip barýan adamlar.
Plakatlaryň öňünden geçip barýan adamlar.

Hytaýyň döwlet telewideniýesi CCTV merkezi Hunan welaýatynda turist awtobusynda turan ýangyn sebäpli azyndan 30 adamyň heläk bolandygyny habar berýär.

CCTV awtobus 26-nji iýunda irden uly ýoluň boýundaky barýera uranda, onuň üstünde 56 adamyň bolandygyny habar berýär.

Ýolagçylaryň 21-siniň hassahana iberilendigi, sürüjiniň sorag etmek üçin saklanylandygy aýdylýar. Ýol hadysasynyň sebäbi aýdyň däl.

XS
SM
MD
LG