Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: howa zarbalarynda 82 adam öldürildi


Siriýa, Homsda ýanýan jaýdan göterilen gara tütün.

Siriýa, Homsda ýanýan jaýdan göterilen gara tütün.

Orsýetiň we Siriýa hökümetiniň gündogar Siriýada «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň kontrollygyndaky ýerlere uran howa zarbalarynda azyndan 82, şol sanda asuda ilatdan 58 adam heläk boldy.

Siriýanyň Adam hukuklary obserwatoriýasy rus we siriýa uçarlarynyň 25-nji iýunda Al-Kuriýah regionyny, Deýr Ezzor şäheriniň günorta-gündogaryny nyşana alyndygyny aýdýar.

Howa zarbalarynda asuda ilatdan 58 adamyň öldürilendigi aýdylýar. Emma beýleki 24 pidanyň YD jeňçisi ýa-da graždan adamlar bolup-bolmandygy aýdylmaýar.

Gözegçi topar ilki bu reýdde 47 adamyň öldürilendigini, olaryň 31-siniň asuda ilatdan bolandygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG