Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Maýadar Soros ÝB-niň «dargajagyny» duýdurýar


Jorj Soros
Jorj Soros

Milliarder maýadar Jorj Soros Britaniýa 23-nji iýunda ÝB-den çykmaga ses bereninden soň, bileleşigi halas etmek üçin doly reforma çagyrdy.

"Indi köpleriň gorkan betbagtçylykly zady boldy we ÝB-niň dezintegrasiýasy hakykatda dolanuwsyz» diýip, Soros 25-nji iýunda çap edilen kommentariýasynda aýtdy.

Britaniýanyň ykdysadyýeti we halky gysga we orta möhletde düýpli zyýan görer diýip, ol «Project Syndicate» websaýtynda ýazdy.

Şeýle-de ol dünýäniň maliýe bazarlaryndaky galagopluk Ýewropa Bileleşigindäki syýasy we ykdysady «aýrylyşmanyň» çylşyrymly prosesi näçe uzak gepleşilse, şonça-da uzak saklanjaga meňzeýär diýdi.

"ÝB-niň gymmatlyklaryna we prinsiplerine ynanýanlaryň hemmesi bile durup, ony doly gaýtadan gurmak bilen halas etmegimiz gerek» diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG