Sepleriň elýeterliligi

Yrak: Falluja doly azat edildi


Fallugadan gaçan adamlar

Fallugadan gaçan adamlar

Yrak goşunlary Fallujanyň «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň elinde galan iň soňky böleklerini hem yzyna aldylar.

Bu habary operasiýa ýolbaşçylyk edýän general 26-njy iýunda jar etdi.

"Biz merkezi Golan etrabyndan onuň terrorçylyga garşy gulluk tarapyndan arassalanandygyny yglan etmek bilen, yrak halkyna Falluja ugrundaky söweşiň tamamlanandygy baradaky hoş habary ýetirýäris» diýip, general leýtenant Abdul Wahab al-Saidi döwlet telewideniýesinde berlen çykyşynda aýtdy.

Fallujany yzyna almak baradaky operasiýada azyndan 1,800 jeňçi öldürildi diýip, ol sözüniň üstüni ýetirdi.

Yrak goşuny bu söweşde ABŞ-nyň howa zarbalary we esasan şaýy milisiýasyndan ybarat ýarym harby toparlar tarapyndan goldanyldy.

XS
SM
MD
LG