Sepleriň elýeterliligi

Kerri ÝB, Britan liderleri bilen duşuşar


 Jon Kerri

Jon Kerri

Birleşen Ştatlaryň döwlet sekretary Jon Kerri Britaniýanyň ÝB-den çykmak baradaky taryhy ses berişliginden soň Bileleşigiň ýokary derejeli resmileri we britan resmileri bilen duşuşar.

ABŞ resmileri Kerriniň 26-njy iýunda Brýusselde ÝB-niň daşary syýasat başlygy Federika Mogherini we 27-nji iýunda Londonda Britaniýanyň daşary işler ministri Filip Hammond bilen duşuşjakdygyny aýtdylar.

ABŞ-nyň uly derejeli resmisi Kerriniň beýleki agza döwletleriň Britaniýanyň yzyna eýermezligi we Ýewropa Bileleşigini mundan-da beter gowşatmazlygy meselesine basym berjekdigini aýtdy.

Ýewropa parlamentiniň başlygy Britaniýanyň premýer-ministri Deýwid Kamerony ÝB-den çykmagyň resmi prosesine başlamaga çagyrdy.

XS
SM
MD
LG