Sepleriň elýeterliligi

Nangarharda agyr söweş barýar


 Nangarhar welaýatyndaky harby operasiýa mahalynda, 15-nji iýun, 2016 ý.

Nangarhar welaýatyndaky harby operasiýa mahalynda, 15-nji iýun, 2016 ý.

Owgan resmileri ýurduň gündogarynda «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileri bilen hökümet güýçleriniň arasynda agyr söweşleriň barýandygyny habar berdiler.

Nangarhar welaýatynyň gubernatory Salim Han Kunduziniň 26-njy iýundaky beýanatynda aýdylmagyna görä, azyndan onlarça adam öldi, 18 adam bolsa hassahana ýerleşdirildi.

Ýerli resmiler soňky üç günde Nangarhardaky söweşlerde YD jeňçileriniň azyndan 100 sanysynyň öldürilendigini aýtdylar.

Emma berilýän sanlar dürli-dürli we olary garaşsyz çeşmeler arkaly tassyklatmak başartmaýar.

Kowt etrabynda 25 jaý otlandy, asuda ilatdan bäş adam alnyp gaçyldy diýen habar bar diýip, Nangarhar resmileri aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG